Romano: “Mançester Siti” Bundesliganyň iň köp gol geçiren ikinji oýunçysyny satyn aldy

17.01.2025, 19:495,387

Meşhur sport žurnalisti Fabrisio Romano “Mançester Sitiniň” Müsüriň hüjümçisi Omar Marmuşy satyn almak barada ylalaşyk gazanandygy barada habar berdi. Häzirki wagtda ol Germaniýanyň “Aýntraht" (Frankfurt) klubunda çykyş edýär we Bundesligada iň köp gol geçiren ikinji oýunçy hasaplanýar.

Insaýderiň berýän maglumatlaryna görä, “Mançester Siti” bilen 25 ýaşly hüjümçi bäş ýyllyk şertnama baglaşdy. Habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryna  görä, transferiň mukdary 60-80 million ýewro aralygynda bolup biler.
Marmuş 2023-nji ýylyň tomsunda “Aýntrahta” mugt transfer boldy. Ondan öň ol  Germaniýada “Wolfsburg”, “Sankt-Pauli” we "Ştutgart” klublarynda oýnady.
Häzirki möwsümde “Aýntraht” üçin 26 oýun oýnap, şolarda 20 gol geçirdi we ähli oýunlarda 14 asist etdi.
Bundesligada ol 17 oýunda 15 pökgi geçirip, 10 asist etdi. Bu görkeziji boýunça  Marmuş diňe Mýunheniň “Bawariýasynyň” hüjümçisi Harri Keýnden bir gol yzda galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.