Serhio Ramos Meksikanyň “Monterreý” klubunyň oýunçysy boldy

07.02.2025, 21:196,526

Ispaniýaly goragçy Serhio Ramos Meksikanyň “Monterreý” futbol kluby bilen şertnama baglaşdy. Bu barada klubuň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi.

Mart aýynda 39 ýaşyny doldurjak Ramos toparda 93-nji oýun belgisini alar.
KHBS-iň maglumatlaryna görä, Ramosyň “Monterreýde” zähmet haky ýylda, takmynan, 4 mln ýewro bolar.
Ramos 2024-nji ýylyň iýul aýyndan bäri, Ispaniýanyň “Sewilýa” topary bilen şertnamasy tamamlanandan soň, erkin agentdi. Mundan öň iki ýyl Fransiýanyň “PSŽ” klubunyň oýunçysy boldy, ondan öň, 16 ýyllap Madridiň “Realynda” çykyş etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.