Raşid Meredow Sergeý Lawrow bilen ýylyň dowamynda geçiriljek çäreler maslahatlaşdy

15.02.2025, 07:263,831

14-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda, şol sanda BMG-niň meýdançasynda geçiriljek çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da, BMG-niň we GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere garaldy.

Ministrler ikitaraplaýyn saparlaryň we geňeşmeleriň üsti bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.