17-19-njy martda Aşgabatda TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

01.03.2025, 06:182,381

17 — 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler. Bu çäreleri  guramaçylykly geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada wise-premýer N.Atagulyýew Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan ornunyň yzygiderli artýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan sergini, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.