Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

17.03.2025, 00:561,817

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklaýan Karara gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edildi.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.