Xiaomi smartfonlaryň 15 modeli üçin gorag täzelenmesini çykardy

21.04.2025, 20:512,384

Xiaomi kompaniýasy 15 smartfon modeli üçin aprel aýynyň howpsuzlyk patçisini çykardy. Bu täzelenme programma üpjünçiligindäki düýpli gowşaklyklary düzedýär.

Kompaniýa programmalaryň ýadyny dolandyrmagy kämilleşdirdi, bu hem zyýanly programmalardan goragy güýçlendirdi. Şeýle-de, internet boýunça howpsuzlyk protokollary güýçlendirildi.
Täzelenme şu aşakdaky modeller üçin elýeterli:

  • Xiaomi 14;
  • Xiaomi 14 Pro;
  • Xiaomi 13 Ultra;
  • Xiaomi 12T Pro;
  • Xiaomi 12S;
  • Redmi Note 14 4G;
  • Redmi Note 12 Pro;
  • Redmi Note 12 Pro+;
  • Redmi Note 12 Discovery;
  • Redmi K80;
  • Redmi K70;
  • Redmi K50 Ultra;
  • Poco X5 5G;
  • Poco F7 Pro;
  • Poco F6 Pro.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.