Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Özbegistana bardy

24.04.2025, 06:5913,631

23-nji aprelde Gyrgyz Respublikasyna dostlukly saparyny tamamlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Samarkant şäherine ugrady diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Samarkandyň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşy aldy.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ikitaraplaýyn duşuşyklary, şeýle hem medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.