“Ýewrowideniýe-2025-iň” finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy

16.05.2025, 13:247,928

69-njy “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşiginiň ikinji ýarym finalynda ahyrky tapgyra çykan ýene 10 gatnaşyjy belli boldy. Bäsleşik Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilýär.

Finala çykan 10 gatnaşyjy:

  • ·Ysraýyl – New Day Will Rise aýdymy bilen Ýuwal Rafael
  • ·Awstriýa – Wasted Love aýdymy bilen JJ
  • ·Litwa – Tavo akys aýdymy bilen Katarsis
  • ·Ermenistan – SURVIVOR aýdymy bilen Parg
  • ·Daniýa – Hallucination aýdymy bilen Ciccaa
  • ·Latwiýa – Bur man laimi aýdymy bilen Tautumeitas
  • ·Lýuksemburg – La poupée monte le son aýdymy bilen Lora Torn
  • ·Finlýandiýa – ICH KOMME aýdymy bilen Erika Wikman
  • ·Gresiýa – Asteromata aýdymy bilen Klawdiýa
  • ·Malta – SERVING aýdymy bilen Miriana Konte

Birinji ýarym final 13-nji maýda geçirildi. Şonda finala Norwegiýa, Albaniýa, Şwesiýa, Islandiýa, Niderlandlar, Polşa, San-Marino, Estoniýa, Portugaliýa we Ukraina çykdy.
Şeýle-de, finala “Uly bäşligiň” ýurtlary: Beýik Britaniýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa we Italiýa awtomatik çykýar. Şweýsariýa hem 2024-nji ýyldaky bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde gönüden-göni finala çykýar.
Final 18-nji maýa geçilýän gije bolar. Bäsleşige resmi Eurovision YouTube kanalynda tomaşa etmek bolýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.