Instagram ulanyjylary özüne çekmek üçin mazmun döredijilere $20 müň dollara çenli pul teklip edýär

23.05.2025, 07:033,245

Instagram sosial toruna eýelik edýän Meta korporasiýasy ABŞ-da «Referrals» maksatnamasyny işe girizdi. Bu maksatnamanyň çäklerinde mazmun döredijiler täze ulanyjylary ýa-da trafik çekmek arkaly pul gazanyp bilerler. Bu barada «Business Insider» neşiri habar berýär.

Synag tapgyry maýdan iýuna çenli alty hepde dowam eder.
Instagram her bir täze hasaba duran ulanyjy üçin ýa-da her müň sany «kabul ederlikli sapar» üçin 100 dollar teklip edýär. Tölenýän iň ýokary mukdar 20 müň dollar bilen çäklendirilýär.
Döredijilere Instagram-dan daşarda, meselem, TikTok, YouTube, Discord we Substack ýaly beýleki saýtlarda we programmalarda öz profilleriniň, postlarynyň, wideolarynyň, hekaýalarynyň ýa-da kanallarynyň baglanyşyklaryny paýlaşmak teklip edilýär.
«Business Insider» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu başlangyç döredijileriň hem-de olaryň auditoriýasynyň ünsüni çekmek we saklamak üçin niýetlenendir. Beýleki sosial torlaryň arasyndaky bäsdeşlik şertlerinde, Instagram döredijiler üçin monetizasiýa mümkinçiliklerini artdyrmaga çalyşýar.
Neşiriň belleýşi ýaly, TikTok hem ozal şuňa meňzeş çäreleri görüpdi. 2024-nji ýylda platforma dostlaryny çagyranlara satyn almalarda arzanladyş teklip edýän referal maksatnamasyny işe girizipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.