Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryny sylaglamak hakynda karara gol çekdi

28.09.2025, 15:0518,957

Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.
Resminamalarda bellenilişi ýaly, bu sylaglar 
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.