Bu eýýäm täzelik däl: Harri Lawreýsen welotrekde 20-nji gezek dünýä çempiony boldy

28.10.2025, 02:093,972

Niderlandly türgen Harri Lawreýsen welotrek boýunça 20-nji gezek dünýäniň çempiony boldy. Bu netijäni ol Çiliniň paýtagty Santýagoda geçirilen dünýä çempionatynda gazandy.

Lawreýsen dünýä çempionatlarynyň taryhynda bir ýaryşda dört altyn medal gazanmagy başaran ilkinji welosipedçi boldy. Mundan başga-da, ol sprinte yzygiderli ýedinji gezek ýeňiji boldy.

«Bu geň galdyryjy duýgy. Bu ýere gelenimde men bu mümkin bolar diýip pikir etmändim, ýöne ýüregimiň bir ýerinde şeýle arzuw bardy. Sprinte ýeňmek meniň üçin gaty uly ähmiýete eýe, bu iň esasy ýaryş. Bu gün ähli zat üstünlikli boldy. Men diňe bu işi, taýýarlygy we bäsleşikleri halaýaryn» diýip, ol Reuters-e beren gürrüňinde aýtdy.

Şeýle hem Lawreýseniň bäş gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony bolandygyny belläp geçmek gerek.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.