Türkmenistanyň Prezidenti Polşany Milli garaşsyzlyk güni bilen gutlady

11.11.2025, 06:311,493

Prezident Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Polşa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.