Awstraliýada “şahlyja” arylaryň täze görnüşi tapyldy. Olar "lýusiferler" diýlip atlandyryldy

16.11.2025, 12:033,861

Günbatar Awstraliýada barlagçylar kellesi naşyja “şahlyja” arylaryň täze görnüşini tapdylar. Bu görnüşe Megachile lucifer  diýen geň at  dakyldy. Bu açyşy Kýortin uniwersiteti yglan etdi.

"Urkaçysynyň [Megachile lucifer] kellesinde diýseň kiçijik şahlary bar. Täze görnüşi beýan edip otyrkam Netflix-iň “Lýusifer” serialyna (Lucifer, 2016-2021) tomaşa edýärdim, bu at juda laýyk geldi" – diýip, barlagyň baş  awtory, uniwersitetiň ylmy işgäri Kit Prendergast aýtdy.

Barlagçynyň sözlerine görä, ary ýitip barýan ýabany güller öwrenilýärkä tötänden tapyldy.
Megachile lucifer Awstraliýanyň çäginde giň ýaýran Hackeriapis ary toparynda  soňky 20 ýylyň içinde tapylan ilkinji täze görnüşdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.