Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

06.12.2025, 11:271,889

Prezident Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba we ýurduň ähli halkyna Finlýandiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Stubba tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Garaşsyzlyk güni Finlýandiýada esasy döwlet baýramçylygy bolup, her ýylyň 6-njy dekabrynda bellenilip geçilýär. 1917-nji ýylda hut şol gün ýurduň parlamenti Garaşsyzlyk jarnamasyny kabul etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.