Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa bardy

18.12.2025, 04:359,904

17-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutany mähirli garşylanyldy.
Ýaponiýa şu gezekki sapary Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň dowamynda bu ýurda amala aşyrýan ikinji saparydyr. Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda döwlet Baştutany Ýaponiýa sapary amala aşyryp, onuň dowamynda “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşdy, şeýle-de ýokary derejedäki duşuşyklary geçirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.