Türkmenistanda 2025-nji ýylyň II ýarymy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasaplaşyk döwri başlandy

01.01.2026, 14:1327,284

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy telekeçilere 2025-nji ýylyň II ýarym ýyly üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygyny habar ber.

Telekeçiler pensiýa gatançlaryny 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji fewraly aralygynda tölemelidirler.
Tölegler «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň  23-nji maddasyna laýyklykda geçirilýär.
Pensiýa gatançlaryny tölemek üçin hasaplaşyk döwrüniň başlanandygy baradaky bildiriş Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýerleşdirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.