Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

23.01.2026, 22:267,173

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistandaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Nygtalyşy ýaly, ABŞ Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabrynda «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatynda geçirilen sammite gatnaşmak üçin Waşington şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.