Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-da “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berdi

22.02.2026, 05:5510,048

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçylary bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a saparynyň esasy maksatlary, energetika serişdeleri babatda Türkmenistanyň strategiýasy, Transhazar gaz geçirijisiniň geljegi, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljegi uly beýleki ugurlary, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Interwýunyň doly teksti TDH saýtynda dolulygyna neşir edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.