Türkmenistan we Pakistan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

28.02.2026, 10:512,475

25-nji fewralda Pakistanyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Mowlämow Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen  duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-pakistan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdy. Olar parlament gepleşiklerini mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady hem-de özara bähbitli bolan bilelikdäki infrastruktura we energetika taslamalaryny ilerletmek meselelerine seretdi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagynyň sebit durnuklylygyny berkidip, Türkmenistanyň we Pakistanyň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam berjegine ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.