«Arkadag» topary yzygider ikinji ýyl TFF-iň Kubogynyň eýesi boldy

13.03.2026, 04:257,641

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň aýgytlaýjy oýny geçirildi. Duşuşykda «Arkadag» topary yzygider ikinji gezek Kubogy almagy başardy diýip, TFF-iň metbugat gullugy habar berýär.

Final oýnunda «Arkadag» topary «Şagadam» bilen duşuşdy. Oýunda hasap 3-nji minutda «Arkadagyň» oýunçysy Meýlis Diniýewiň goly bilen açyldy. Soňra 61-nji minutda Didar Durdyýew bu toparyň hasabyna ýene bir gol goşdy. Şeýlelikde, oýun «Arkadag» toparynyň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy.

Bürünç medal ugrundaky duşuşykda «Ahal» topary hem «Aşgabatdan» 2:0 hasabynda üstün çykyp, hormatly üçünji orny eýeledi. Toparyň düzüminde Aşyr Jumadurdyýew we Mergen Nurlyýew gollar bilen tapawutlandy.

Ýatlap geçsek, TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryşa jemi 8 topar gatnaşdy. Olar iki toparça bölünip, Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» köpugurly stadionynda bäsleşdi. Toparçalarda ilkinji iki orny eýelän toparlar ýarym finala çykmaga hukuk gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.