Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlaryny «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

29.03.2026, 11:156,844

2026-njy ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt raýatlaryny döwlet sylagy bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi. Bu karar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli kabul edildi.

Resminama laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde, çagalaryň hukuklaryny goramakda we ynsanperwerlik hereketini ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan hem-de BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Mulji Mawji Ratna Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglanar.

Permanda bellenilişi ýaly, sylaglanan wekilleriň Türkmenistanda haýyr-sahawat we meýletinçilik işlerini ilerletmäge, şeýle hem howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagyny üpjün etmäge goşan şahsy goşantlaryna ýokary baha berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.