Mähri Bäşimowa ÝB-niň ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

09.04.2026, 18:462,868
1 / 2

8-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Beata Peksa bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň işiniň netijeliligini maslahatlaşdy.

Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdy we birnäçe bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilişine seretdi.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.