DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

22.06.2026, 10:5815,184

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň her birinde birinji we ikinji orny alan ýygyndylar, şeýle-de üçünji orny eýelänleriň arasyndan iň gowy görkezijili 8 topar gazanar.

Üçünji orny alan iň gowy 8 ýygyndyny kesgitlemek üçin aşakdaky görkezijiler yzygiderli göz öňünde tutular:

  1. Utuk sany. Iň köp utuk toplan ýygyndylar ýokarda bolar. Üçünji orny alan toparyň teoriýa boýunça iň köp 6 utuk, iň az 1 utuk gazanyp biljekdigini bellemek gerek.
  2. Gollaryň tapawudy. Toplanan gollaryň özara tapawudy (geçirilen we derwezeden girizilen gol) seljeriler.
  3. Girizilen gollaryň sany. Eger gollaryň tapawudy deň bolsa, has köp gol geçiren toparyň mümkinçiligi ýokary bolar. Mysal üçin, A ýygyndysy 7 gol girizip, 2-sini geçiren bolsa (+5), B ýygyndysy 5 gol girizip, hiç haýsy geçirmedik bolsa (+5), A ýygyndysy has köp gol geçireni üçin öňde bolar.
  4. Ýeňişleriň sany. Öňki görkezijiler deň bolan ýagdaýynda, iň köp ýeňiş gazanan topar saýlanylar. Şeýlelik bilen, bir gezek ýeňip, iki gezek utulan topar (3 utuk), üç gezek deňme-deň oýnan topar (3 utuk) bilen deňeşdirilende artykmaç bolar.

Düzgün-nyzam reýtingi (Fair Play) Eger ýokarda agzalanlaryň hemmesi deň çyksa, guramaçylar düzgün-nyzam görkezijilerine-de ser salarlar. Ýygyndylar oýunçylaryň alan sary we gyzyl kartlary üçin hasaplanýan jerime utuklary boýunça deňeşdiriler (iň az jerime utugy bolan topar geçýär).

Jerime utuklaryny hasaplamak ulgamy:

Bir sary kart: – 1 utuk.

Iki sary kart sebäpli çykarylmak (gönümel däl gyzyl): –3 utuk.

Gönümel gyzyl kart: – 4 utuk.

Sary kartdan soň, gödek düzgün bozulmasy üçin gönümel gyzyl kart almak: -5 utuk.

Şonuň üçin çempionatda, (edil durmuşda hem bolşy ýaly), düzgün bozmak bir özüňe däl, daş-töweregiňdäkileriň, meselem, toparyň ykbalyna täsir edip biler.

Iň soňky talaplar

Eger toparlaryň düzgün-nyzam görkezijileri hem doly deň gelýän bolsa, FIFA olaryň dünýä reýtingindäki orunlaryny deňeşdirer. Üçünji orunlaryň sanawynda ýaryş başlamazdan öňki iň soňky resmi reýtinge (2026-njy ýylyň iýun aýyndaky FIFA reýtingi) görä has ýokarda duran topar indiki tapgyra geçer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.