Toyota Afrikada «Hamba» atly üç tekerli ulagyň tehnologiýalaryny ogurlamakda aýyplandy

Şu gün, 03:021,703
1 / 3

Toyota ýapon konserniniň haýyr-sahawat gaznalarynyň biri Kaliforniýada kazyýet işiniň merkezine düşdi. «Autoblog» neşiriniň habar bermegine görä, «Mobility of Africa» (MFA) guramasy «Toyota Mobility Foundation-a» garşy kazyýet işini açyp, ony täjirçilik syrlaryny özleşdirmekde we «Hamba» elektrik trisiklini (üç tekerli ulagy) döretmekde ulanylan tehnologiýalaryp plagiatynda (ogurlygynda) aýyplady.

«Hamba» üç tekerli elektroulagy Zimbabweniň garyp sebitlerindäki daýhanlar üçin ýörite işlenip düzüldi, olara önümlerini oba hojalyk bazarlaryna eltip bermek üçin elýeterli ulag gerekdi. Trisikliň aýratynlygy onuň batareýalaryndadyr: olary gün energiýasyndan zarýadlaşdyryp hem bolýar, çalt çalşyp hem bolýar.

MFA guramasy diňe bir ulag döretmän, eýsem Zimbabwede bu maşynlara hyzmat etmek üçin doly göwrümli infrastrukturany hem ýola goýdy. Häzirki wagtda ýurtda «Hamba-nyň» 600 töweregi sanysy üstünlikli ulanylýar.

«Toyota» nämede aýyplanýar?

Arzaçylar «Toyota Mobility Foundation» gaznasynyň deslapdan taslamanyň maýadarlarynyň biri hökmünde çykyş edendigini belleýärler. MFA-nyň beýannamasyna görä, tehniki çyzgylara we biznes modellerine kanuny elýeterliligi alandan soň, gaznanyň wekilleri işläp düzmeleri göçürip aldylar. Şondan soň ýapon tarapy bilelikdäki taslamadan çykdy we Keniýada «Songa» ady bilen meňzeş işe başlady.

«Songa» taslamasy «Hamba-nyň» konsepsiýasyny doly göçürip alýar we meňzeş ulaglary hem-de batareýalary çalyşmak ulgamyny hödürleýär. MFA «Toyota-nyň» halkara uly grantlaryny almaga elýeterlilik gazanmak üçin plagiat ýoluna girendigine ynanýar.
Häzirki wagtda «Toyota» haýyr-sahawat gaznasynyň özi bildirilýän aýyplamalar boýunça hiç hili teswir bermedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.