24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

15.06.2026, 18:532,894

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan "Toyota №7" ekipažy ýeňiş gazandy.

Ikinji orny "BMW №20" ekipažy eýeledi, bu bolsa markanyň soňky 20 ýylyň dowamynda "Le-Manda" gazanan iň gowy netijesi boldy. Üçünji orny bolsa "Toyota №8" ekipažy eýeledi.

Giperkarlar (top-3):

  1. "Toyota №7" — 380 aýlaw;
  2. "BMW №20" +10,913;
  3. "Toyota №8" +20,417.

LMP2 (top-4):

  1. "Inter Europol Competition №43" — 361 aýlaw;
  2. "Inter Europol Competition №343" +28,094;
  3. "Forestier Racing Panis №29" +41,059;
  4. "Vector Sport" +54,456.

LMGT3 (top-3):

  1. "TF Sport №33" — 336 aýlaw;
  2. "Akkodis ASP Team №78" +20,621;
  3. "Heart of Racing №23" +1:26,014.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.