Mitsubishi bäşýyllyk arakesmeden soň «Pajerony» gaýtaryp getirmäge taýýarlanýar

Şu gün, 04:582,117

Mitsubishi kompaniýasy Pajero ýolsuzlyk awtomobilini gaýtaryp getirmäge taýýarlyk görýär. Awstraliýadaky şahadatnama maglumatlaryna görä, bu model dört sany wersiýada — GLX, GLS, Exceed we GSR görnüşlerinde hödürlener. Awtomobiliň resmi tanyşdyrylyşynyň bolsa 2026-njy ýylyň güýzünde bolmagyna garaşylýar.

Täze Pajero modeli Mitsubishi Triton pikapynyň ramaly platformasynyň esasynda gurlar. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa ýolsuzlyk ulagynyň özboluşly asgy sazlamalaryna we salonyň özboluşly bezegine eýe boljakdygyny belleýär.

Ulagyň iň ýokary wersiýasy daşky bezeg elementleri garaldylan GSR bolar. Modeliň önümçiligini Tailanddaky eýýäm Triton modelini öndürýän kärhanada guramak meýilleşdirilýär.

Tehniki häsiýetnamalar häzirlikçe resmi taýdan aýan edilmedi. Deslapky maglumatlara görä, awtomobil 204 at güýjüne we 470 Nm aýlanma pursatyna eýe bolan, iki sany turbokompressorly, 2,4 litrlik, dört silindrli dizel hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylar.

Awstraliýanyň bazarynda täze Pajero modeli Toyota Land Cruiser Prado, Ford Everest we Isuzu MU-X ýaly ulaglar bilen bäsleşer. Awstraliýada ulagyň satuwa çykarylmagy 2026-njy ýylyň dekabr aýynyň ahyryna meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.