Hytaýda ýygnalan iň ygtybarly ulaglar kesgitlenildi: RAV4, Golf we Coolray

Düýn, 06:323,173
1 / 3

«J.D. Power» agentliginiň hytaý şahamçasy HHR-iň zawodlarynda ýygnalýan benzinli awtoulaglaryň hiliniň täze reýtingini taýýarlady.

Derňewiň esasyny 2025-nji ýylyň iýulyndan 2026-njy ýylyň fewralyna çenli döwürde maşynlaryny täze satyn alan 13 919 awtoulag eýesiniň pikirleri düzýär. Bilermenler umumylykda 127 dürli modeli bahalandyrdylar.

Ygtybarlylyk dokuz esasy kategoriýa (rahatlyk, ýygnama we elektronika goşulyp) bölünen 218 ölçeg boýunça ölçenildi. Jemleýji reýting 100 maşyna düşýän ýüze çykarylan meseleleriň sanyny görkezýän «PP100» indeksiniň binýadynda gurlupdyr: bu görkeziji näçe pes bolsa, hil şonça-da ýokarydyr.

Belläp geçmeli zat - hytaý bazaryndaky ygtybarlylygyň ortaça derejesi ýokarlanypdyr  — kemçilikleriň ortaça sany 219-dan 211 PP100-e çenli azaldy.

Öndürijileriň arasyndaky umumy hasapda iň gowy görkezijini 200 «PP100» netijesi bilen «Land Rover» görkezdi. Onuň yzyndan «Cadillac» (203), «Volvo» (206), «Porsche» (210), şeýle hem her biri 212 bal toplan «Lexus» we «Dongfeng Honda» bilelikdäki kärhanasy ýerleşdi.

Ýerli hytaý markalarynyň pudagynda orunlar aşakdaky ýaly paýlandy: «Chery» (213 PP100) öňdeligi saklaýar, yzyndan «Geely» (214), «Changan» (216), «Jetour» (216) gelýär, sanawyň iň gowularyny bolsa 219 «PP100» netijesi bilen «Haval» we «Tank» jemleýär.

Segmentlerinde iň gowy modeller

Bilermenler aýratyn klaslarda meseleleriň iň az mukdaryny görkezen awtoulaglary hem saýlap aldylar:

  • Kompakt sedanlaryň arasynda «Changan Eado Plus» ýeňiji diýlip ykrar edildi.
  • Orta klasda «Volkswagen Bora», «Volkswagen Golf» we «Geely Emgrand» iň gowulary boldy.
  • Biznes-sedanlar segmentinde «Volkswagen Passat», «Honda Inspire», «Chery Arrizo 8» we «Arrizo 8 Pro» öňdeligi eýeleýärler.
  • Kompakt krossowerleriň arasynda «Geely Coolray» we «Changan CS35 Max» birinji orunlary aldylar.
  • Orta ölçegli SUV (krossowerler) kategoriýasynda ýeňişi «Changan CS75 Pro», «Chery Tiggo 7 Plus», «Geely Cityray» we «Jetour X70 Plus» paýlaşdylar.
  • Iň gowy maşgala krossowerleri diýlip «Chery Tiggo 9», «Toyota RAV4» we «GAC GS8» ykrar edildi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.