Lexus RX krossowerini täzeledi

Düýn, 17:305,010
1 / 3

Lexus kompaniýasy Ýaponiýanyň awtoulag bazarynda täzelenen RX krossoweriniň satuwyna başlandygyny habar berdi. Modeliň daşky görnüşine we salonynyň bezegine ujypsyz üýtgeşmeler girizildi, gabarasy täzeçe reňklendi we şassisi kämilleşdirildi.

Meýilnamalaýyn täzelenişiň çäklerinde inženerler awtoulagyň sürüş häsiýetlerini gowulandyrmaga aýratyn üns berdi. Şassiniň sazlamalaryny kämilleşdirmek we synagdan geçirmek işleri Germaniýanyň Nýurburgring şäherinde geçirildi.

Hünärmenler adaptirlenen asma ulgamynyň işleýşini amatlaşdyrdylar. Şeýle hem ruly dolandyrýan elektrik güýçlendirijisini we doly dolandyrylýan şassi ulgamynyň algoritmlerini täzeden sazladylar. Bu bolsa sürüjiniň hereketlerine ulagyň has takyk we tebigy jogap bermegine, şol bir wagtda ýoluň bitekiz ýerlerinde ulagyň ýumşak gidişini saklamaga mümkinçilik berdi.

L toplumy üçin White Nova Glass Flake atly täze ak merjen öwüşginli gabara reňki elýeterli boldy. Indi F Sport we F Sport Performance görnüşlerinde goşmaça sargyt edilýän tormoz supportlary gyzyl reňkde çykarylýar.

Ähli görnüşleriň salonyna infragyzyl şöhlelerden goraýan, ýylylygy az geçirýän öňki gapy aýnalary oturdyldy. Şeýle hem Brake Hold awtomobili saklamak funksiýasy hereketlendiriji täzeden işe girizilenden soň hem sürüjiniň iň soňky saýlan sazlamasyny ýatda saklaýar.

Adaty RX350h we RX350 görnüşleri sanly yzky görüş aýnasy we awtoulagyň öňki hem-de yzky tarapyny ýazga alýan wideo bellige alyjylar bilen üpjün edildi. Ozal bu enjamlar diňe has gymmat RX500h we RX450h+ görnüşlerinde standart enjamlaşdyrma hökmünde hödürlenýärdi.

Ýaponiýada 2,4 litrlik turbo hereketlendirijili we öňki tigirleri hereketlenýän RX350 modeliniň bahasy 7 million 40 müň iýenden (takmynan, 44,8 müň dollar) başlanýar. Öňki tigirleri hereketlenýän RX350h görnüşi 8 million iýen (50,9 müň dollar), doly hereketlenýän RX500h bolsa 9 million 290 müň iýen (59 müň dollar) bahadan satylýar.

Täzelenen Lexus RX krossoweri mundan ozal Ýewropa we ABŞ bazarlarynda hem satuwa çykarylypdy.