EA hile jogap berip bilmeýär: Ford tejribeli inženerlerini yzyna çagyrmaly boldy

Şu gün, 05:023,482

Ford kompaniýasy awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we emeli aň gurallarynyň awtomobilleriň hiline garaşylyşy ýaly gözegçilik edip bilmändigi sebäpli, 350-ä golaý tejribeli inženeri gaýtadan işe aldy.

Bu hünärmenleriň bir bölegi ozal kompaniýanyň özünde işlänlerdir, galanlary bolsa awtokonserniň üpjünçilik kärhanalaryndan çagyryldy.

Ford-uň enjam inženerligi boýunça wise-prezidenti Çarlz Punuň sözlerine görä, kompaniýa birnäçe nesil awtomobilleri işläp düzmegiň üsti bilen toplanan inženerçilik tejribesiniň ähmiýetine ýeterlik baha bermändir. Ol öndürijiniň emeli aňy ornaşdyryp hem-de taslama talaplaryny üýtgedip, önümiň hilini ýokary galdyryp bolar diýip, ýalňyş hasap edendigini boýun aldy.

Işe alnan inženerler şaýlaryň zawodlara gelip gowuşmazyndan ozal, olaryň ähtimal kemçiliklerini ýüze çykarmak, taslamalary barlamak işlerine gatnaşmak, ýaş hünärmenleri okatmak we emeli aň ulgamlary tarapyndan ulanylýan maglumatlary kämilleşdirmek bilen meşgullanýarlar.

Mundan başga-da, Ford önümi işläp düzüş, önümçilik we programma üpjünçiligi bölümleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary güýçlendirdi. Kompaniýa kemçilikleri awtomobiller öndürilip çykarylandan soň düzedip ýörmän, eýsem olary taslamanyň ilkinji tapgyrlarynda öňünden duýup, aradan aýyrmagy maksat edinýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.