Dünýä çempionatynyň 1/16 final tapgyry dowam edýär. Geçen gije bolan oýunlarda köpçüligiň garaşýan netijelerine şaýat bolduk. Güýçlüler ýoluny dowam etdiler.
Kot-d’Iwuar — Norwegiýa— 1:2: Holandyň 5-nji goly...
Norwegiýa Kot-d’Iwuary 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 1/8 finala çykdy. Arlington (Tehas ABŞ) şäherindäki «Eý-Ti-end-Ti» stadionynda geçirilen oýna 70 müňe golaý janköýer gatnaşdy. Oýun edil garaşylyşy ýaly, norwegleriň ýiti hüjümleri bilen başlady diýseg-ä gaty bir adalatly bolmaz. Statistika her nämäni görkezse-de, Kot-d’Iwuaryň hüjümleri ýewropalylaryňka garanyňda howplurak boldy

Muňa garamazdan hasaby Norwegiýa açdy. 39-njy minutda Martin Edegordan topy kabul edip alan Antonio Nusa derwezäniň daş burçuny owadan görnüşde anyk nyşana aldy. 41-nji minutda hasap tasdanam iki esse aňryk aşmalydy welin, başa barmady. Sörlodyň kelle bilen topy Kot-d'Iwuaryň jerime meýdançasyna aşyran topuny Holand zarp bilen depdi, emma top Sangarä degip, alla-owwara gaýyp gitdi. 74-nji minutda Amad Diallo Nikolýa Pepeden alan topuny owadan şekilde öňe okdurylyp, ajaýyp görnüşde derweze toruna ýerleşdirdi: 1:1!

Emma Kot-d’Iwuaryň begenji uzaga çekmedi. 86-njy minutda Patrik Berg jerime meýdança ýaryp girip, jerime meýdançanyň merkezinde boş gelýän Holanda diňe aýak degräýmelije edip pas berdi. Holand bolsa özüniň şu ýaryşdaky 5-nji goluny geçirdi we hasabyň soňky nokadyny goýdy.

Bu oýunda Kot-d’Iwuaryň mynasyp göreş alyp baranlygyny-da bellemek gerek, olar derwezä tarap 14 gezek (5-si göni) urgy etdiler. 14 gezek bolsa, burçdan topy oýna girizdiler. Şeýlelikde Norwegiýa 1/8 finalda. Indi olar Braziliýa bilen oýnarlar.
Fransiýa – Şwesiýa – 3:0: Mbappeniň dubly...
Fransiýa Şwesiýany 3:0 hasabynda ynamly ýeňip, 1/8 finala çykdy.

Ist-Raterford şäherindäki (ABŞ) «Metlaýf» stadionynda geçirilen oýun hakykatdanam fransuzlaryň artykmaçlygynda geçdi. Uzak dowam eden hüjümler diňe 45-nji minutda netije berdi. Usman Dembele topy jerime meýdançasynyň golaý tarapyna – Mbappä aşyrdy. Kilian bolsa aldawçy hereketleri bilen Dýökereşi yzda galdyryp, uzak sütüniň aşagyna tutup bolmajak anyk urgy ýollap, hasaby açdy.
53-nji minutda bolsa meýdan merkezinde şwedler ýene topy aldyrdylar. Olise topy goragçynyň aýaklarynyň arasyndan geçirip, jerime meýdançasynyň içine tarap aralaşýan ajaýyp pas berdi. Topy alan Barkola bolsa Setterstromuň gapdalyndan derwezäniň burçuna güýçli zarba urdy. 2:0!
Bu gol Bredliniň şu dünýä çempionatyndaky ikinji goly boldy. 
74-nji minutda bolsa Oliseniň anyk pasy Şwesiýanyň tutuş goranyş çyzygynyň üstinden geçip, Mbappe gelip düşdi, hüjümçi bolsa derwezäniň uzak burçuny anyk nyşana alyp, hasaby hasam ulaltdy!
Şeýlelikde Kilian Mbappe dubl etdi we şu dünýä çempionatyndaky gollarynyň sany boýunça (6 gol) Messä deňleşdi. Bu ýeňişden soň fransuzlar 1/8 finala adyny ýazdyrdylar.
FIFA-nyň metbugat gullugy bu oýundan soň fransuzlaryň halypasy Didýe Deşamyň dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň köp ýeňiş gazanan tälimçi bolandygyny mälim etdi. 57 ýaşly hünärmen üçin bu ýeňiş dünýä birinjiliklerindäki karýerasynda 17-nji ýeňiş boldy. Bu görkeziji oňa Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki baş tälimçisi Helmut Şýonyň (topara 1956-njy ýyldan 1978-nji ýyla çenli ýolbaşçylyk eden) rekordyny täzelemäge mümkinçilik berdi.
Deşam bu rekordy eýýäm toparçalyk tapgyrynda Norwegiýa garşy geçirilen oýunda (4:1) hem goýup bilerdi, ýöne ol ejesiniň aradan çykandygy sebäpli şol duşuşyga gatnaşyp bilmändi.

Indi Fransiýanyň garşydaşy Paragwaý bolar.
Meksika – Ekwador – 2:0: Birinji ýarymda oýnuň ykbaly kesgitlenildi
Meksika Ekwadory 2:0 hasabynda ýeňip, 1/8 finala ýollanma gazandy. Oýnuň ykbalyny birinji ýarymdaky gollar kesgitledi. Meksikadaky meşhur «Asteka» stadionynda geçen oýna 80 müňden-de köp janköýer tomaşa etdi.

Duşuşygyň 22-nji minudynda Kinýones (Roberto Alwaradoň ýardamy) tizlik bilen çep tarapdan jerime meýdançasyna girip, ýakyn ýokarky burçy ýalňyşmazdan nyşana alyp, hasaby açdy. Ikinji goly bolsa meksikanlar saldy däl-de, ekwadorlylar geçirtdi diýsek dogry bolar. Ordonýes öz jerime meýdançasynyň golaýynda gaty gödek ýalňyşyp, topy aldyrdy. Pursatdan peýdalanan Himenes tizlik bilen hüjüme başlap, Kinýones bilen paslaşdy, yzyna gelen pasy alyp, ýakyn dokuzlyga zarp bilen urdy we hasaby 2:0 etdi!
90+5 de ekwadorly goragçy Pero Inkapýe meksikanyň hüjümçisi bilen dawalaşanda agzyny eli bilen ýapany üçin gyzyl kart bilen meýdançadan kowuldy. Şeýlelikde oýnuň ykbalyny 1-nji ýarymda geçirlen gollar kesgitledi.
Meksikanyň milli ýygyndysynyň 1/8 finaldaky garşydaşy Angliýa — Kongo DR jübütiniň ýeňijisi bolar.
Golaýda boljak oýunlaryň bildirişi:
Angliýa — Kongo DR — 1-nji iýul sagat 21:00-da;
Belgiýa — Senegal — 2-nji iýul sagat 01:00-da;
ABŞ — Bosniýa we Gersegowina — 2-nji iýul sagat 05:00-da.