Futbol boýunça dünýä çempionatynyň bu güni hem örän dartgynly geçdi. Angliýa bilen Belgiýa afrikan toparlara garşy oýunda uly kösenç bilen ýeňiş gazandylar, ABŞ bolsa meýdanda azlykda galyp, gol salmagy başardy.
Angliýa – DR Kongo 2:1: Keýn Angliýany ýeňlişden halas etdi
Angliýa kynçylyk bilen bolsa-da DR Kongony 2:1 hasabynda utdy. Atlanta (ABŞ) şäherindäki «Mersedes-Benz» stadionyna ýygnanan 69 müňe golaý janköýer diýseň gyzykly duşuşyklaryň birine şaýat boldular.

Eýýam oýnuň 7-nji minudynda DR Kongo uly gowur turzup hasaby açdy. Mbemba gapdaldan jerime meýdançasyna top aşyrdy, Sipenga bolsa topy kynçylyksyz kabul edip, derwezäniň aşak burçuny owadan nyşana alaga-da kongolylaryň öňe saýlanmagyna sebäp boldy, soňam üstünligini örän owadan salto bilen belledi. Pursat biraz VAR gözegçiliginde seljerilse-de, gol hasaba alyndy. Bu hasapdan soň we oýnuň depginine seredeniňde kongolylar 1/8 finala çykmaga hakly ýaly hem görünýärdi, ýöne iňlisleriň tejribesi ýene-de öz artykmaçlygyny bildirdi.
75-nji minutda Deklan Raýs meýdançadan çykyp barýan topa ýetişip, jerime meýdança aşyrdy, Entoni Gordon topy saklap, ony merkeze tarap gönükdirdi. Ol ýerde bolsa hemmeden öň ýetişen Harri Keýn kellesi bilen topy derwezä ýollap, hasaby deňledi.

86-njy minutda Bellingemiň çep tarapdan jerime meýdançasyna girip depen topuny derwezeban Mpasi Nzo gaýtardy, emma ondan gaýdan topy Gordon ýene bir usul bilen Keýne aşyrdy, Keýn bolsa sag aýagyna oňaýlap, derwezäni anyk nyşana aldy-da, hasabyň soňky nokadyny goýdy. Angliýa – DR Kongo 2:1.

Keýniň bu ýaryşdaky gol sany 5-e ýetdi we bombardirleriň sanawynda ol Holand bilen deňleşdi (Messi bilen Mbappede 6 gol). Şeýlelikde Angliýa 1/8 finala çykdy. Indi olaryň garşydaşy Meksika bolar.
Belgiýa – Senegal 3:2: Belgiýadan super kambek
Belgiýa Senegaly ekstra taýmlarda 3:2 hasabynda utup, 1/8 finala ýol aldy. Sietl (ABŞ) şäherindäki «Lýumen Fild» stadionynda geçirilen oýun dartgynly boldy.

24-nji minutda senegallylar hasaby açmagy başardy. Sadio Mane çep tarapdan topy jerime meýdançasyna aşyrdy, ol ýerde bolsa Ismaila Sarr derwezä kelle bilen urgy etdi. Top bolsa derwezäniň sütünine degip, Habib Diarranyň öňüne gelip düşdi. Habib edil derwezäniň çyzygyndan topy içine gönükdirdi: 0:1!
Duşuşygyň 51-nji minutynda Ismaila Sarryň özi tapawutlanyp, hasaby iki esse artdyrdy. Ol Mussa Niakateniň aşyran uzyn pasyny döşi bilen ajaýyp şekilde kabul etdi-de, jerime meýdança böwsüp girip, topy zarp bilen derwezä ýerledi. Örän owadan gol.
Belgiýalylar ondan soň hakyky howsala düşüp başadylar, hatda suw içişlige gidilen wagty toparyň iki lideri Tilemans bilen Trossard biri-biri bilen dawalaşybam ýetişdiler.

86-njy minutdan soň bolsa bar zat üýtgäp başlady. Toma Menýeniň pasyndan soň Romelu Lukaku Senegalyň ýadaw goragyny böwsüp, aratapawudy azaltdy. 89-njy minutda bolsa belgiýalylaryň hälki dawalaşyp ýören futbolçylary esasy işi bitirdiler. Trossard çepden jerime meýdança top aşyrdy, bärde topy gapmak üçin öňe okdurylan derwezeban Mori Dioňky biraz şowsuz boldy, Ýuri Tilemans ony öňürdip, kellesi bilen topy derwezä ýollady – 2:2!

Örän uly gowur turuzan netije bilen toparlar esasy 90 minuty jemledi. Ýeňijini kesgitlemek üçin berilýan goşmaça 15-minutlyklarda bolsa amat ýewropalylar tarapda boldy. 120+5-de Ýuri Tilemans penalti gazandy we özi depip, (birbada Lukaku depjek ýaly göründi) hasabyň soňky nokadyny goýdy: Belgiýa – Senegal 3:2!
Senegalyň ahmyrly ýeňlişi şeýdip jemlendi. 86-minutlap 2:0 öňde bolan ýygyndy ýaryşdan gaýtdy...
1/8 finalda Belgiýanyň garşydaşy ABŞ bolar.
ABŞ – Bosniýa we Gersegowina 2:0: Folarin Balogun gahryman we antigahryman
ABŞ – Bosniýa we Gersegowinany ynamly 2:0 hasabynda ýeňip, 1/8 finala çykmak hukugyny gazandy. Kaliforniýa ştatynyň (ABŞ) Santa-Klara şäherindäki «Lewaýs» stadionynda geçirilen oýna 69 müňe golaý janköýer ýygnandy. Duşuşyk ýer eýeleriniň üstünligi bilen geçdi diýsek, ýalňyşmarys.

45-nji minutda bosniýalylaryň ýalňyşlygy bilen top Folarin Baloguna gelip düşdi. Ol bolsa jerime meýdançanyň merkezinden ýaryp girip, derwezä zabt etmegi başardy – 1:0! Bu gol onuň şu ýaryşdaky 3-nji goly.
64-nji minutda oýnuň düzgünini bozanlygy üçin Folarin Baloguna gyzyl kart görkezildi we ABŞ-nyň ýygyndysy galan wagty 10 bolup geçirdi.

Muňa garamazdan, 82-nji minutda jerime urgusyny depen Malik Tillman diwaryň üstünden aşyryp, derwezäniň çep burçuny anyk nyşana aldy we hasabyň soňky nokadyny goýdy: ABŞ – Bosniýa we Gersegowina 2:0!

1/8 finalda bularyň garşydaşy, ýokarda-da belleýşimiz ýaly, Belgiýanyň ýygyndysy bolar.