Tomsuň uly transferleri: «Siti» we «Milan» rekord goýýar, «Bawariýa» DÇ-niň ýyldyzyny alýar

Şu gün, 16:193
1 / 7

Dünýäniň futbol bazary işjeňlik tapgyryna girişdi. Milli ýygyndylar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda bäsleşýän wagty, klub ýolbaşçylary köpmillionlyk şertnamalary resmileşdirip, transfer rekordlarynyň taryhyny täzeden ýazýar.

«Mançester Siti» Anderson üçin rekord 135 million ýewro sarp etdi

«Mançester Siti» 23 ýaşly iňlis ýarymgoragçysy Elliot Andersonyň geçmegi barada «Nottingem Forest» kluby bilen doly ylalaşyk gazanylandygyny resmi taýdan mälim etdi. Oýunçy eýýäm dünýä çempionaty — 2026 sebäpli ýygyndynyň düzüminde bolan wagty Kanzasda lukmançylyk barlagyndan üstünlikli geçdi. Galan ähli resminamalar futbolçy Angliýa dolanyp gelenden soň ýola goýlar.

«Sky Sports-yň» berýän maglumatyna görä, transferiň bahasy 116 million funt sterlinge (135 million ýewro) barabar boldy. Bu görkeziji Andersony taryhda iň gymmat iňlis futbolçysyna öwürýär.

Mundan öňki rekord Jud Bellingeme degişlidi, onuň üçin «Real Madrid» 2023-nji ýylda Dortmundyň «Borussiýasyna» 115 million funt sterling töläpdi.

«Milan» kluby özüniň iň ýokary görkezijisini täzeleýär

Italiýanyň «Milan» kluby «Pari Sen-Žermen» toparyndan 25 ýaşly portugaliýaly hüjümçi Gonsalu Ramuşy aldy. Insaýder Fabrisio Romanonyň habar bermegine görä, şertnamanyň bahasy bonusy hasaba almazdan 74 million ýewro boldy — bu «Milanyň» taryhynda täze transfer rekordydyr (öňki rekord 49,50 million ýewro bilen Rafael Leauda degişlidi).

PSŽ-de geçiren 3 möwsüminde Ramuş 131 oýna gatnaşyp, 45 gol geçirdi we 10 assist etdi, şeýle hem birnäçe kubogy (şol sanda iki sany Çempionlar ligasynyň kubogyny) gazandy. Portugaliýanyň milli ýygyndysynda onuň 26 oýny we 10 goly bar, häzirki wagtda ol dünýä çempionaty — 2026-da çykyş etmegini dowam etdirýär.

«Realyň» güýçlenmegi we «Liwerpulyň» jogap ädimi

Madridiň «Real» kluby 27 ýaşly fransuz goragçysy Ibraima Konateni mugtuna alyp, onuň bilen 2030-njy ýyla çenli şertnama baglaşdy. Konate Bernardu Silwadan (erkin agent) we Mark Kukurelýadan (60 million ýewro / 52 million funta «Çelsiden» geçdi) soň madridlileriň tomusdaky üçünji täze oýunçysy boldy.

Konatesiz galan «Liwerpul» bolsa onuň ornuny tiz doldurdy — «Renn» klubunyň 20 ýaşly (ol hem fransuz) merkezi goragçysy Žeremi Žakeni satyn aldy. «Transfermarkt-yň» berýän maglumatyna görä, bäşýyllyk şertnama mersisaýdlylara 63,6 million ýewro düşdi. Belläp geçmeli zat, bu ylalaşyk aslynda fewral aýynda gazanylypdy, ýöne oýunçy möwsümiň ikinji ýarymyny egninde bolan operasiýa sebäpli doly diýen ýaly sypdyrdy.

«Bawariýa» dünýä çempionatynyň täze ýyldyzyny alýar

Mýunheniň «Bawariýa» kluby Niderlandlaryň «PSW» toparyndan 25 ýaşly marokkoly hüjümçi Ismael Saýbarini alyp, onuň bilen 2031-nji ýyla çenli şertnama gol çekişdi. Transferiň mukdary 55 million ýewro boldy («Transfermarkt» ony 40 million ýewro bilen bahalandyrýar). Geçen klub möwsüminde Saýbari 37 oýunda 19 gol geçirmegi başardy, dünýä çempionaty — 2026-da bolsa ol eýýäm 4 oýunda 3 gol bilen tapawutlandy.

Robert Lewandowski karýerasyny MLS-de dowam etdirer

Amerikanyň «Çikago Faýr» kluby 37 ýaşly polşaly hüjümçi Robert Lewandowski bilen şertnama baglaşandygyny resmi taýdan yglan etdi. Hüjümçi bilen gazanylan ylalaşyk 2027/28 möwsüminiň ahyryna çenli niýetlenýär.

Beýleki transferler:

  • «Tottenhem» «West Hemiň» 21 ýaşly portugaliýaly ýarymgoragçysy Mateuş Fernandeş üçin uly möçberde pul sarp eder. Insaýder Dewid Ornşteýniň berýän maglumatyna görä, hemme zat eýýäm çözüldi. Klub oýunçy üçin 85 million funt (99 million ýewro) tölär, bu bolsa klub üçin täze rekord bolar.
  • Şol bir wagtda «Tottenhem» 19 ýaşly horwatiýaly goragçysy Luka Wuşkowiçi 46 million funt (53,6 million ýewro) hem-de 4 million funt bonus we indiki satuwdan 20% paý şerti bilen «Braýtona» satýar. Bu maglumaty «The Athletic» we Fabrisio Romano hem tassyklady.
  • «Çelsi» «Atalantanyň» 21 ýaşly italiýaly goragçysy Marko Palestrany satyn aldy. Ol «Kalýaride» kärende esasynda güýçli möwsüm geçirip, A Seriýanyň iň gowy goragçysy diýlip ykrar edilipdi. Romanonyň maglumatyna görä, transfer 50 million ýewro düşdi (bonuslar bilen 55 million ýewro ýetip biler), şertnama bolsa 2033-nji ýyla çenli möhlet bilen baglaşyldy.
  • «Monako» «Barselonadan» 23 ýaşly ispan wingeri Ansu Fatini bir ýyllyk kärendesinden soň 11 million ýewro tölemek şerti bilen doly satyn almak mümkinçiligini ulandy. Onuň bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşyldy.
  • 21 ýaşly goragçy Alehandro Grimaldo Germaniýanyň «Baýer» klubundan Madridiň «Atletiko» toparyna 22 million ýewro geçdi, ylalaşyk 2030-njy ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir.
  • Matteo Darmian, Françesko Açerbi we Ýan Zommer resmi ýagdaýda Milanyň «Inter» klubundan erkin agent hökmünde gitdi.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.