Ronaldu ýa-da Modriç – rowaýatylaryň biri bu gije dünýä çempionaty bilen hoşlaşar

Şu gün, 13:081,792
1 / 4

Dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň çäginde öňümizdäki oýun gününiň baş wakasy Portugaliýanyň we Horwatiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky super oýun bolar. Şonuň bilen birlikde, janköýerlere mundan pes bolmadyk başga-da gyzykly duşuşyklar garaşýar: Ispaniýa Awstriýanyň güýjüni synap görer, Şweýsariýa bolsa Alžir bilen boljak hüjüme baý söweşe taýýarlanýar.

Ispaniýa — Awstriýa: 3-nji iýul:

sagat 00:00

Bu duşuşygy toparlaýyn agzybirligiň we aýrybaşga oýunçylaryň mesaňa ussatlygynyň çaknyşygy diýip atlandyrýarlar. Ýaryşda hiç hili utulmadyk Ispaniýa (FIFA-nyň reýtinginde 2-nji orun) öňki üç oýunda üç dürli netije görkezen Awstriýa (24-nji orun) garşy oýnar.

Ispaniýa «H» toparçadan ynamly çykdy. Garşydaşlaryň goranyşy üçin baş wepany ýaş we çakgan oýunçylar — Lamin Ýamal we Niko Wilyams döredýärler. Ispanlar topa eýelik etmegiň üýtgeşik stilini görkezýärler: olar topy diňe bir toparlaýyn paslar arkaly däl-de, eýsem aýrybaşga oýunçylaryň şahsy ussatlygynyň saýasynda goraýarlar. Bu bolsa olara güýçli tutanýerliligi saklamaga we topy aldyran ýagdaýlarynda ony derrew yzyna gaýtaryp almaga mümkinçilik berýär.

Olaryň awstriýaly garşydaşlary — Ralf Rangnigiň şägirtleri toparlaýyn oýna örän ökdedirler. Bu ýygyndy özüniň ajaýyp fiziki we gurluş taýdan taýýarlygy bilen tapawutlanýar. Awstriýalylar «J» toparynda Iordaniýanyň (3:1) we Alžiriň (3:3) derwezesine 3 goldan girizdiler, ýöne argentinalylardan hiç hili gol salyp bilmän utuldylar (0:2). Şonuň üçin häzirlikçe olardan nämä garaşmalydygy näbelli bolup galýar.

Portugaliýa — Horwatiýa:

3-nji iýul, sagat 04:00

Bu oýun 1/16 final tapgyrynyň taryha girmek bagty «maňlaýyna ýazylan» duşuşygydyr. Çünki onda dünýä futbolynyň rowaýatylarynyň haýsy-da bolsa biri gutulgysyz ýagdaýda dünýä Kubogy baradaky arzuwy bilen hoşlaşmaly bolar. Ol kim bolar – Kriştianu Ronaldu ýa-da Luka Modriç? Iki oýunçy hem öz toparlaryny yzlaryna düşürip bilýän liderlerdir, emma ýaryş başlany bäri olaryň ikisi hem öz salgylaryna aýdylýan çynlakaý tankytlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Portugaliýa häzirki wagtda FIFA-nyň reýtinginde 6-njy orny, Horwatiýa bolsa 9-njy orny eýeleýär. Iki ýygyndy hem oýnamak üçin birkemsiz taýýarlyk geçdi.

Portugaliýa pley-offa «K» toparçadan ikinji orun bilen çykdy we ol hüjüm babatda has güýçli hasaplanýar. Şol bir wagtda, «L» toparynda ikinji orny eýelän Horwatiýa bolsa özüniň sowukganlylygy, tejribesi we meýdançada iň çylşyrymly kyn ýagdaýlardan hem çykalga tapmak ukyby bilen tanalýar.

Şweýsariýa — Alžir:

3-nji iýul, sagat 08:00

Bu Ýewropa we Afrika futbol mekdepleriniň hakyky garşylaşmasydyr. Bu ýygyndylaryň hersi islendik garşydaşa garaşylmadyk sowgat taýýarlamaga ukyplydyr.

Şweýsariýa pley-offa «B» toparçadan birinji orun bilen gelip ýetdi. Bu gaty durnukly, düzgün-nyzamly we oýun düzgünlerini berk berjaý edýän topardyr. Uly ýaryşlarda şweýsariýalylar adatça «döwülmesi kyn hoz» hökmünde çykyş edýärler. Granit Jaka we Manuel Akanji ýaly oýunçylar islendik top-klubuň ýa-da milli ýygyndynyň hüjümçilerinde kelleagyry bolup döremäge ökdedir.

Alžir — berk gorag gurmagy başarýan, emel babatda aňyrdan zehinli topar. Futbolçylar hem şahsy hereketlerinde, hem-de toparlaýyn oýunda ýokary duýguçyllyk derejesi bilen tapawutlanýarlar.

Bu duşuşykda Şweýsariýanyň berk oýun düzgün-nyzamyna we topa ynamly eýelik etmäge bil baglamagy gaty ähtimal, Alžir bolsa garşydaşyny usul arkaly hileler we desbi-dähel hüjümler bilen geň galdyrmaga synanyşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.