DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

28.06.2026, 08:4112,528
1 / 3

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň ähli jübütleri gutarnykly kesgitlendi.

Utulan-çykdy tapgyryna jemi 32 ýygyndy geçmegi başardy: her toparçadan iň güýçli iki ýygyndy (jemi 24 sany), şeýle hem üçünji orny eýelän iň gowy sekiz ýygyndy ýaryşy dowam edýär.

1/16 final oýunlarynyň doly tertibi (Aşgabat wagty bilen):

  • Günorta Afrika – Kanada (Los-Anjeles) – 29-njy iýunda sagat 00:00-da;
  • Braziliýa – Ýaponiýa (Hýuston) – 29-njy iýunda sagat 22:00-da;
  • Germaniýa – Paragwaý (Boston) –30-njy iýunda sagat 01:30-da;
  • Niderlandlar – Marokko (Monterreý) 30-njy iýunda sagat 06:00-da;
  • Kot-d’Iwuar – Norwegiýa (Dallas) 30-njy iýunda sagat 22:00-da;
  • Fransiýa – Şwesiýa (Nýu-Jersi) 1-nji iýulda sagat 02:00-da;
  • Meksika – Ekwador (Mehiko) 1-nji iýulda sagat 06:00-da;
  • Angliýa – DR Kongo (Atlanta) 1-nji iýulda sagat 21:00-da;
  • Belgiýa – Senegal (Sietl) 2-nji iýulda sagat 01:00-da;
  • ABŞ – Bosniýa we Gersegowina (San-Fransisko) 2-nji iýulda sagat 05:00-da;
  • Ispaniýa – Awstriýa (Los-Anjeles) 3-nji iýulda sagat 00:00-da;
  • Portugaliýa – Horwatiýa (Toronto) 3-nji iýulda sagat 04:00-da;
  • Şweýsariýa – Alžir (Wankuwer) 3-nji iýulda sagat 08:00-da;
  • Awstraliýa – Müsür (Dallas) 3-nji iýulda sagat 23:00-da;
  • Argentina – Kabo-Werde (Maýami) 4-nji iýulda sagat 03:00-da;
  • Kolumbiýa – Gana (Kanzas-Siti) 4-nji iýulda sagat 06:30-da.

DÇ–2026-nyň pleý-off tapgyrynyň esasy seneleri:

  • 1/16 final: 28-nji iýun 3-nji iýul aralygy;
  • 1/8 final: 4 7-nji iýul aralygy;
  • Çärýek finallar: 9 11-nji iýul aralygy;
  • Ýarym finallar: 14 we 15-nji iýul;
  • Üçünji orun ugrundaky oýun: 18-nji iýul.

Dünýä futbolunyň täze çempionynyň ady 20-nji iýula geçilýän gije Nýu-Ýorkda mälim bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.