Türkiýäniň ýygyndysynyň futbolçylary DÇ-2026 üçin $16 mln we kaşaň willa alar

Şu gün, 13:415,642
1 / 2

Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň (TFF) başlygy Ibrahim Hajyosmanoglu milli ýygyndynyň oýunçylarynyň öň wada berlen willalary aljakdygyny tassyklady. Mundan başga-da, eýýäm futbolçylara 16 million dollar möçberindäki umumy pul baýragyndan düşýän paýlary tölenildi.

Federasiýanyň ýolbaşçysy willalaryň, hakykatdan-da, sowgat beriljekdigi we olaryň goralýan tebigy zolakda ýerleşýändigi ýa-da ýokdugy baradaky soraga şeýle jogap berdi:

«Bu ýerde hem ýalan sözleýärler. Ol ýer hiç hili goralýan zolak däl. Ähli zerur rugsatnamalar alyndy, gurluşyk tiz wagtda başlar. Men beren wadamda hökman duraryn we futbolçylara şol willalary sowgat bererin. Biz FIFA-dan 14 million dollar möçberinde pul baýragyny aldyk. Özümizden hem ýene 2 million dollar goşduk. Bu pullar saýlama tapgyrda ýygynda çagyran ähli futbolçylarymyzyň arasynda deň mukdarda paýlanyldy. Şondan soň toparlaryň kapitany her bir oýunçydan serişdeleriň bir bölegini ýygnap, pul baýraklaryny eýýäm özara paýlaşdy».

Hajyosmanoglu özüniň şahsy serişdeleriniň hasabyna Bodrumda kaşaň willa sowgat etmek baradaky wadany 2026-njy ýylyň martynda, dünýä çempionatyna çykylandygy üçin baýrak hökmünde beripdi. Soňra saýlama duşuşygyndaky ýeňişden soň, ol göni uçaryň içinde her bir oýunçynyň goşmaça 1 million ýewro pul baýragyny aljakdygyny aýdypdy.

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň özünde bolsa Winçenso Montellanyň ýolbaşçylygyndaky Türkiýäniň ýygyndysy şowsuz çykyş edip, 3 utuk bilen D toparçada iň soňky orny eýeledi. Topar ilkinji iki duşuşykda pleý-offa çykmak mümkinçiligini möhletinden öň ýitirdi: olar Wankuwerde Awstraliýadan (0:2) we San-Fransiskoda Paragwaýdan (0:1) utuldy. Los-Anjelesde geçirilen jemleýji tapgyrda bolsa Türkiýe 98-nji minutda Kaan Aýhanyň geçiren goly netijesinde ABŞ-nyň ýygyndysyny 3:2 hasabynda utdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.