Özbegistanyň ilaty 39 mln adamdan geçdi. Olaryň 0,5%-i türkmenler

Şu gün, 16:421

Milli statistika komitetiniň deslapky maglumatlaryna görä, Özbegistanyň ilatynyň sany taryhda ilkinji gezek 39 milliondan geçip, 39 047 321 adama ýetdi. Bu bolsa geçen statistiki hasaplamalardan 810 617 adam köp diýmekdir.

Ilat ýazuwy 15-nji ýanwar — 28-nji fewral aralygynda geçirildi we onuň netijeleri ýurduň ýaşaýjylarynyň sanynyň 1989-njy ýyldan bäri tas iki esse artandygyny görkezdi.

Demografik görkezijiler we milli düzüm:

  • Gender deňagramlylygy: ýurtda erkekleriň sany 19 766 166-a, aýallaryň sany bolsa 19 281 155-e ýetdi.
  • Daşary ýurtly raýatlar: ýurtda bir ýyldan gowrak wagt bäri ýaşap gelýän 56,9 müň daşary ýurt raýaty hasaba alyndy (olar, esasan, Hindistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň raýatlary).
  • Etnik düzüm: özbekler 89,4%-i, täjikler 3,3%-i, garagalpaklar 2,2%-i, gazaklar 1,8%-i, ruslar 1,6%-i, gyrgyzlar 0,6%-i, türkmenler 0,5%-i, beýleki milletler bolsa 0,6%-i düzýär.
  • Dil: ýaşaýjylaryň 91,3%-i (35,7 mln adam) özbek dilini ene dili diýip görkezdi, bu bolsa etnik özbekleriň paýyndan 1,9 göterim punkt ýokarydyr.

Býujet tygşytlylygy we ilat ýazuwynyň geçirilişi: Bu giň gerimli çäräniň umumy bahasy, takmynan, 4,7 million dollara (56 milliard sum töweregi) barabar boldy, bu bolsa bir adama, takmynan, 0,12 dollar düşýändigini görkezýär. Kompýuterler we planşetler berlen halkara grantlary hasaba almazdan, ähli serişdeler döwlet býujetinden gönükdirildi.

Milli statistika komitetiniň ýolbaşçysy Behzod Hamraýewiň aýtmagyna görä, şeýle pes çykdajylar sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Onlaýn-ilat ýazuwy arkaly ilatyň 82,3%-ini gurşap almak başartdy. Eger guramaçylar diňe kagyz formatyny ulanan bolsa, hasaba alyjylar we ulag harajatlary üçin çykdajylaryň uly bolmagy sebäpli, çykdajylar iň azyndan 10 esse ýokary bolup, adam başyna 1 dollardan geçip bilerdi. Hamraýewiň sözlerine görä, umumy mukdaryň 90%-inden 95%-ine çenli bölegi «mahalla ýediliginiň» wekilleriniň zähmet hakyny tölemäge sarp edildi. Planşetler bilen galan raýatlaryň öýme-öý aýlanyp hasaba almak işine jemi 55 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Ilaty gurşap almagyň jemleýji görkezijisi 97,3%-e ýetdi, bu bolsa halkara standartlara doly laýyk gelýär. Alnan maglumatlar döwlete lukmançylyk, bilim, iş üpjünçiligi we infrastruktura ulgamlaryndaky maksatnamalary has takyk meýilleşdirmäge kömek eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.