Russiýaly alymlar täsiri bäş gije-gündize ýetýän antibiotik oýlap tapdylar

Şu gün, 10:511,719
1 / 2

Russiýada bedene bir gezek sanjym edilenden soň, bäş gije-gündiziň (120 sagadyň) dowamynda yzygiderli bölünip çykýan we öz-özünden eräp gidýän kapsulaly antibiotik taýýarlandy.

Bu taslamanyň üstünde Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň alymlary Sibir federal uniwersitetiniň, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölümçesiniň Biofizika institutynyň hem-de N.D. Zelinskiý adyndaky Organiki himiýa institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde işlediler. Ylmy barlagyň netijeleri Journal of Polymers and the Environment ylmy žurnalynda çap edildi.

Barlagçylaryň aýtmagyna görä, bu täze ulgam ýygy-ýygydan sanjym etmezden we dermanyň organizmdäki mukdarynyň birden üýtgemegine ýol bermezden, onuň bejeriş güýjüni durnukly saklamaga mümkinçilik berýär.

Antibiotik antipiriniň önümleri esasynda döredildi. Ol barlaglaryň barşynda birnäçe howply bakteriýalara, şol sanda altyn reňkli stafilokokka, şeýle hem nemli gatlaklarda agyr şikeslenmeleri döredip bilýän «Candida» kömelejigine garşy ýokary işjeňlik görkezdi.

Dermany gerekli ýere ýetirmek üçin alymlar wagt geçdigiçe suwa we kömürturşy gazyna öwrülip, öz-özünden eräp gidýän biopolimerden ýasalan mikrokapsulalary ulandylar. Ilkinji 12 sagadyň içinde kapsulalar melhemiň takmynan üçden bir bölegini goýberýärler, ondan soňra bolsa antibiotik 120 sagadyň dowamynda bedene birsydyrgyn we deň derejede ýaýraýar.

Taslamanyň awtorlary bu ulgamyň howpsuzlygyny adamyň öýjüklerinde we eritrositlerinde (gyzyl gan öýjüklerinde) hem barlap gördüler. Netijede dermanyň işjeň maddasynyň hem, onuň kapsulalarynyň hem öýjükleriň gabyklaryna hiç hili zeper ýetirmeýändigi belli boldy.

Alymlaryň pikiriçe, bu tehnologiýa geljekde uzak wagtlap täsir edýän beýleki derman serişdelerini döretmek üçin esas hem bolup bilerdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.