ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Prezident Donald Trampyň ýurduň çäginde dogulmak esasynda amerikan raýatlygynyň berilmegini çäklendirýän ýerine ýetiriji permanyny güýçden gaçyrdy. Bu karar ses berenleriň alty sany razy we üç sany garşy ses köplügi bilen kabul edildi diýip, CNN we ABC habar berýär.
Ýokary kazyýetiň başlygy Jon Roberts Konstitusiýanyň 14-nji düzedişiniň ýurt çäginde erkin doglan her bir adama raýatlyk hukugyny kepillendirýändigini mälim etdi.
«14-nji düzedişi düzenler onuň ýurduň çäginde erkin doglan her bir ynsana degişli diýip hasapladylar. Biz hem bu gün şol wada wepaly galýarys» diýip, kazy Roberts öz beýanatynda ýazdy.
Kazyýetiň üç agzasy – Klarens Tomas, Nil Gorsaç we Semuel Alito bu karara garşy çykdylar. Tomas bilen Gorsaç öz garaýyşlarynda Konstitusiýanyň we federal kanunçylygyň ABŞ-da hemişelik ýaşaýyş jaýy bolmadyk şahslaryň çagalaryna raýatlyk kepilligini bermeýändigini bellediler.
Tramp Truth Social sosial ulgamynda:«Hawa, biz dogluş boýunça raýatlyk almak meselesinde utuldyk, ýöne muny Kongres arkaly düzetmäge çalyşarys» diýip ýazmak bilen, kazyýetiň karary baradaky öz pikirini mälim etdi.
Bu perman Trampyň Ak tama dolanyp gelenden soň tizara gol çekilen we onuň migrasiýa syýasatynyň bir bölegi bolan resminamadyr. Ol munuň üsti bilen bikanun migrantlaryň we ýurtda wagtlaýyn bolýan daşary ýurtlularyň çagalaryna raýatlyk berilmegini çäklendirmek isläpdi. Hukuk goraýjy guramalar bolsa mundan öň bu çäräniň ýüzlerçe müň çaga täsir edip biljekdigini we köp sanly amerikanlar üçin raýatlygy tassyklaýan resminamalary almagy kynlaşdyrjakdygyny duýdurypdylar.
Saglygy goraýşyň milli statistika merkeziniň maglumatlaryna görä, 2013-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli ABŞ-da daşary ýurtly enelerden her ýyl ortaça 860 müň çaga dünýä indi. 2023-nji ýylda bolsa bikanun migrantlaryň maşgalalarynda 250 müňe çenli çaga doguldy — bu bolsa jemi täze doglan bäbekleriň takmynan 7 göterimine barabardyr.