Merkezi Afrika Respublikasynda holera keseliniň ýaýrandygy habar berildi

Şu gün, 05:28917

Merkezi Afrika Respublikasynda holera keseliniň dörändigi hasaba alyndy. Xinhua agentliginiň ýurduň Saglygy goraýyş we ilat ministri Pýer Somse salgylanyp habar bermegine görä, häzirki wagta çenli kesellänleriň 197-si anyklanyp, 24 adam bolsa aradan çykdy.

Holeranyň ýüze çykan ýagdaýlary ýurduň günorta-günbataryndaky Bimbo we M'baýki etraplarynda hasaba alyndy. Keselden heläk bolmak derejesi 12,2 göterime ýetdi.

Ministr ýaşaýjylary mümkin boldugyndan parahatlygy saklamaga we öňüni alyş çärelerini berjaý etmäge çagyrdy. Ol öz wagtynda lukmançylyk kömegi berlip, hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň arasynda hiç hili ölüm ýagdaýynyň bolmandygyny-da nygtady.

Wedomosti-niň belleýşi ýaly, bütin dünýäde holera keseli boýunça epidemiologik ýagdaý heniz hem durnuksyz bolmagynda galýar. Ýylyň başyndan bäri 23-den gowrak döwletde bu kesele ýoluganlaryň 78 müňden gowrak ýagdaýy hasaba alyndy we olaryň agramly bölegi Afrika yklymyna degişlidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.