«Ak Kent» çagalar oýun meýdançalaryny we beýleki ygtybarly plastik önümlerini öndürýär

28.07.2026, 23:195,527
1 / 7

Tutuş Türkmenistanda çalt depginde ýaşaýyş toplumlarynyň we seýilgähleriň gurluşygy dowam edýär. Bu bolsa olary enjamlaşdyrmak işlerinde döwrebap çemeleşmäni talap edýär. «Ak Kent» hususy kärhanasy ýurdumyzyň howa şertleri we howpsuzlyk meseleleri nazara alnyp öndürilen ýokary hilli enjamlaryny hödürleýär.

Çagalaryň oýun meýdançalary

Kärhana iň ýokary hil standartlaryna eýerip, dürli konfigurasiýaly oýun meýdançalaryny öndürýär:

Çagalar awunmaz ýaly enjamlaryň ähli çüňkleri ýylmanan we tegelenen, kebşirlenen ýerleri bolsa tekizlenen görnüşe getirilýär, boltlaryň ýüzi bolsa ýörite gorag gaplary bilen gaplanýar. Şeýle-de oýun meýdançalary berk tutawaçlar we germewler bilen üpjün edilýär.

Günden we yssydan goramak üçin plastik bölekler iň arassa we ýokary hilli çig maldan öndürilýär. Metal turbalar peç boýagda bişeni üçin, olaryň reňki jöwzaly türkmen yssysynda hem solmaýar.

Önümlerde diňe saglyk üçin zyýansyz, toksinsiz, gipoallergen boýaglar ulanylýar.

Köçe sport trenažorlary


Kärhana sport zolaklaryny enjamlaşdyrmak üçin trenažorlaryň 10 görnüşini öndürýär.

«Ak Kent» hususy kärhanasynyň başga-da öndürýän harytlary bar:

  • Suw üçin dürli ölçegdäki plastik rezerwuarlar (gaplar, boçkalar): göwrümi 100 litrden 25 000 litre çenli. Bu rezerwuarlar adam saglygyna zeper ýetirmeýän, arassa azyk plastikden öndürilýär. Ähli önümlere 1 ýyl kepillik berilýär!

  • Iri we ownuk şahly mallar üçin nowalar.
  • Ýol päsgelçilik germewleri (barýerler).

Wyždan rahatlygy üçin işiň hilini kepillendirýän, 11 ýyl tejribesi bolan ygtybarly öndürijini saýlaň!

  • Tel.: +993 65 66-30-30, +993 12 59-44-71
  • E-mail: akkent@sanly.tm
  • TikTok we Instagram sahypalary
  • TmCars biznes hasaby
  • Salgy: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, Änew şäheriniň Barhannyý köçesiniň 4-nji B senagat zolagy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.