Ýaponiýada adatdan daşary yssy sebäpli bir hepdede 18,6 müňe golaý adam ejir çekdi

30.07.2026, 12:195,692

Ýaponiýada 20 — 26-njy iýul aralygyndaky bir hepdede bolan aşa yssynyň netijesinde 18,6 müňe golaý adam ejir çekdi, olaryň 45-si bolsa aradan çykdy. Bu barada ýurtda tiz kömek gullugyna gözegçilik edýän Administratiw işler we kommunikasiýalar ministrligi habar berdi.

Edaranyň maglumatlaryna görä, bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri iň ýokary bir hepdelik görkezijidir. Öňki hepde bilen deňeşdirilende ejir çekenleriň sany 7,7 müňden gowrak adam artdy.

Emele gelen ýagdaý sebäpli keselhana ýerleşdirilenleriň 710-dan gowragy üç hepdä çenli we ondan hem köp wagtlap bejergi alýarlar. Ejir çekenleriň 58%-e golaýyny 65 ýaşdan geçen gartaşan adamlar düzýär.

21-nji iýuldan başlap, bäş günüň dowamynda ýurduň aýry-aýry sebitlerinde howanyň temperaturasy 40 gradus Selsiden geçdi, bu bolsa Gün urma hadysasynyň birden artmagyna sebäp boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.