OpenAI uniwersal emeli aň gurallaryny ornaşdyrmakda kiçi kompaniýalara kömek etjek «Kiçi biznes üçin ChatGPT» maksatnamasynyň başlanýandygyny yglan etdi.
Maksatnama emeli aňy özbaşdak ornaşdyrmak üçin serişdeleri ýa-da tejribesi ýetmeýän kompaniýalara gönükdirilendir. Ol üç sany esasy ugry öz içine alýar.
Birinjisi — buhgalteriýany, marketingi, elektron söwdany we beýleki biznes-prosesleri awtomatlaşdyrmakda OpenAI önümleriniň ulanylyşyny görkezýän webinarlardyr. Sapaklary OpenAI-niň hünärmenleri we kompaniýanyň hyzmadaşlary geçirýärler.
Ikinji ugur — OpenAI Academy bölümi tarapyndan guralýan telekeçiler üçin ýüzbe-ýüz okuwlary göz öňünde tutýar. Kompaniýa öň hem şuňa meňzeş çäreleri, şol sanda Small Business AI Jams duşuşyklaryny geçiripdi.
Maksatnamanyň üçünji bölegi — OpenAI hyzmadaşlary tarapyndan hödürlenýän plaginler toplumyny, EA-başarnyklaryny we ýörite teklipleri öz içine alýar. Taslama Shopify, Intuit, Slack, Atlassian we Wix ýaly kompaniýalar gatnaşýarlar.
Ozal OpenAI ABŞ-da "ChatGPT Health" hyzmatynyň hem doly ýola goýlandygyny yglan edipdi. Ol, tarifine garamazdan (Free, Go, Plus ýa-da Pro), 18 ýaşdan geçen hasaba alnan ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy. Bu funksiýadan ChatGPT-niň web-görnüşinde we iOS enjamlarynda peýdalanyp bolýar.