Astana şäherinde Gazagystanda ynsanpisint (gumanoid) robotlary öndürjek we emeli aň ulgamynda täze çözgütleri işläp düzjek ilkinji QAZBOT toplumynyň gurluşygyna başlandy. Dolanyşyga giriziljek taslamanyň birinji tapgyryna gönükdiriljek maýa goýumy, takmynan, 200 million dollara ýeter diýip, Atameken Business habar berýär.
Täze toplum ylmy barlaglary, inženerçilik işlerini, ýerli önümçiligi hem-de robot tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak hyzmatlaryny bir ýere jemlär. Onuň çäginde programma üpjünçiligini we emeli aň modellerini işläp düzmek, robot tehnikasyna degişli ulgamlary barlagdan geçirmek hem-de inžener hünärmenlerini taýýarlamak üçin hususy ylmy-önümçilik merkezini döretmek göz öňünde tutulýar.
Taslamanyň strategiýa boýunça tehnologik hyzmatdaşy hökmünde AGIBOT kompaniýasy çykyş edýär. Gurluşygyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly çärä Gazagystanyň Emeli aň we sanly ösüş ministrliginiň hem-de Astana häkimliginiň wekilleri gatnaşdylar.
«Biziň esasy maksadymyz — Gazagystanda ylmy barlaglary, inženerçilik ukyp-başarnyklaryny, önümçiligi we taýýar çözgütleri ornaşdyrmagy endigan bir ulgama birleşdirmekden ybaratdyr. Bu diňe bir öňdebaryjy tehnologiýalary ýygnamaga däl, eýsem hususy önümleri döretmäge we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer» diýip, QAZBOT Technologies kompaniýasynyň baş direktory Wladislaw Safarow belledi.
Robototehniki we emeli aň çözgütlerini senagatda, logistikada, maliýe pudagynda, lukmançylykda, bilimde we hyzmat ediş ulgamynda ulanmak meýilleşdirilýär.
Taslama doly tehnologik tapgyry — ylmy barlaglardan we programma üpjünçiligini işläp düzmekden başlap, robotlary öndürmek, barlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak hyzmatlaryna çenli ähli işleri öz içine alýar.