Trewis Skott «Odisseýa» filmine esaslanyp, «Nike» krossowkalarynyň ýörite modellerini döretdi

04.08.2026, 18:033,338
1 / 6

Amerikan repçisi Trewis Skott «Nike» bilen bilelikde Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň esasynda krossowkalaryň iki sany eksklýuziw nusgasyny döretdi.

«WWD» neşiriniň ýazmagyna görä, aýakgaplar diňe aktýorlar we surata düşüriliş topary üçin ýörite döredilen, şonuň üçin açyk satuwa çykarylmaz.

Modelleriň ikisi hem gara-goňur reňk sazlaşygynda ýerine ýetirilen. «Moon Shoe» modeli deriden nubuk örtükleri we bürünç lýuwersler bilen taýýarlandy, «ACG Moc» modeli bolsa surata düşüriliş meýdançasynda ugg geýmek gadagan edilenden soňa ýyly alternatiwa hökmünde döredilen, tüýjümek örtükli ýyly model bolup durýar.

 

Şunuň bilen birlikde, Trewis Skott «Odisseýanyň» ahyrky titrlerinde ýaňlanýan «When I'm Home» aýdymyna wideo klip çykardy. Wideonyň režissýorlyk işini hem sazandanyň özi etdi, onuň bilen birlikde klipde sazanda Jeýms Bleýk we tutuş filmiň sazyna awtorlyk eden Lýudwig Ýoransson dagy çykyş etdi. Olar kompozisiýany döretmäge hem gatnaşdylar.

Repçiniň özi hem «Odisseýada» rollaryň birini – kyssaçy Femiýni janlandyrdy. Aslynda hekaýa hut onuň gürrüň bermegi bilen başlaýar. Söhbetdeşlikleriniň birinde Kristofer Nolan sazandany bu taslama näme üçin çagyrandygyny düşündirip, gadymy döwrüň dilden aýdylýan şygryýeti bilen häzirki zaman rep medeniýetiniň arasynda deňeşdirme geçirmek isländigini aýdypdy.

«Odisseýanyň» bütin dünýädäki ilkinji görkezilişi 17-nji iýulda boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.