Otuz bir ýaşly aktrisa Margaret Kuolli Londonda Ridli Skottyň «Itleriň ýyldyzlary» atly filminiň ilkinji görkezilişine Chanel-iň çykaran üýtgeşik sandalyny geýip bardy. Ol soňky aýlarda moda dünýäsinde iň bir agza-dile düşen aksessuarlaryň birine öwrüldi.
«Bir gezek... Holliwudda» we «Substansiýa» filmleriniň ýyldyzy Kuolli Chanel-iň ilçisidir. Ilkinji görkeziliş üçin ol gyrasy seçekli gara köýnegi we barefoot sandals — «ýalaňaç sandal"» diýlip atlandyrylýan aýakgaby saýlady. Bu aýakgabyň öň tarapy ýok, ökje-topuk tarapyna bolsa aýaga inçejik bagjyklar bilen baglanan bir bölejik deri geýdirilen. Onda barmaklar, daraklyk we dabanyň esli bölegi ýalaňaçlygyna galýar.

Sandaly Chanel-iň döredijilik müdiri Matýe Blazi 2026/27-nji ýyllaryň kruiz kolleksiýasyna niýetläp döretdi. Kolleksiýa deňiz we kenar temasyna bagyşlanansoň, podium düşelen çägäniň üstünde gurnaldy. Egin-eşiklerde balykgulaklar, merjenler we örülen aksessuarlar ulanyldy. Täze döredilen aýakgap bolsa modeller çyndanam aýakýalaň ýöräp barýan ýaly täsir galdyrmalydy.

Kuolli bu sandaly podiumda däl-de, gyzyl halyda geýen ilkinji meşhur adam boldy. Ol aýakgaby geýip çykandan soň, sandal dogrusyndaky jedeller täzeden gyzyşdy.
Käbir ulanyjylar onuň oňaýsyz we arassaçylyk talaplaryna laýyk gelmeýändigini, käbirleri bolsa üns çekmek üçin döredilen, bilkastlaýyn odukdyryjy modeldigini aýdýarlar.
Öň Vogue žurnalynyň redaktorlary hem bu üýtgeşik aýakgap barada jedele giripdiler: olaryň bir bölegi munuň geň-enaýy we sýurrealistik synanyşykdygyny aýtsalar, beýlekileri ony nirede geýip boljakdygy hakynda pikir ýüwürtdiler. Şeýlelikde, žurnalistler bu sandaly şäher köçelerinde däl-de, deňiz kenarynda ýa-da medeni çärelerde geýmegiň ýerlikli boljakdygy barada bir pikire geldiler.
Häzirki wagtda aýakgaby Chanel-iň web sahypasyndan satyn almak mümkinçiligi ýok, çünki Vogue-yň habar bermegine görä, ol brendiň VIP müşderilerine we saýlama ilçilerine elýeterlidir.