Afrikanyň iň uzyn awtoýoluna Donald Trampyň ady dakyldy

04.08.2026, 17:487,253
1 / 2

Marokkonyň patyşasy Muhammet VI ýurduň esasy awtoýoluna ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny dakmak kararyna geldi. Monarh öz gelen karary barada resmi hat arkaly amerikan liderine habar berdi. Bu barada Morocco World News neşiri ýazýar.

Gürrüň tutuş Afrika yklymynda iň uzyn ýol taslamasy bolan 1055 kilometrlik Tiznit-Dahla awtoýoly barada gidýär.

“Dostlugyň we parahatçylygyň bu şaýatlygyna hormat goýmaklygyň nyşany we iň ýokary hormatymyň şahsy beýany hökmünde, men Patyşalygyň iň möhüm ýollarynyň birine “Donald J. Trampyň şaýoly” diýip at bermek kararyna geldim. 1055 kilometrden gowrak uzynlygy bolan bu ýol tutuş Afrikadaky iň uzyn ýoldur” - diýip, patyşa ABŞ-nyň prezidentine ýazan hatynda aýtdy.

Patyşa Muhammet VI öz ýüzlenmesinde Marokko bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemişe "ýakyn dostluk we üýtgewsiz wepalylyk" esasynda alnyp barlandygyny ýaňzytdy. Şeýle-de bolsa, patyşanyň sözlerine görä, Donald Trampyň iki prezidentlik möhleti döwründe döwletlerara gatnaşyklar "has-da ýokary derejä" ýetdi.

Şeýle hem, patyşa 2020-nji ýylda ABŞ-nyň Marokkonyň Günbatar Saharadaky özygtyýarlygyny ykrar edendigini ýatlap, ony "marokkolylaryň ýadynda ebedi galjak" "taryhy ädim" diýip atlandyrdy.

Bu giň gerimli awtoýoluň gurluşygy takmynan on ýyllap — 2015-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli dowam etdi. Magistral ýol Atlantik ummanynyň kenary bilen geçýär. Onuň Günbatar Afrika we Sahel sebitlerine eltýän esasy söwda ýoluna öwrülmegine we patyşanyň belleýşi ýaly, "Marokkony Ýewropa bilen Afrikanyň galan böleginiň arasyndaky köprä öwürmegine" garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.