Amazon ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat bäş kompaniýasynyň hataryna girdi. Onuň bazar bahasy paýnamalaryň gymmatlamagy arkaly 3 trillion dollara ýetdi.
Reuters agentliginiň maglumatyna görä, kompaniýasynyň paýnamalary 2026-njy ýylyň başyndan bäri 23%-den gowrak, 31-nji iýuldan bäri bolsa 20%-den gowrak gymmatlady. Seljerijiler olaryň bahasynyň mundanam ýokarlanmagyna garaşýarlar.
Şeýle ösüşe itergi beren zat hökmünde kompaniýanyň emeli aň ulgamynda alyp barýan işleri görkezilýär. 2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde girdejisi 37% artan Amazon Web Services bulut bölüminiň ösüşi hem muňa ep-esli goşant goşdy.
Mundan ozal diňe dört kompaniýanyň — Nvidia-nyň, Alphabet-iň, Microsoft-yň we Apple-iň bazar bahasy 3 trillion dollara ýetipdi. Häzirki wagtda olaryň her biriniň bazar gymmaty eýýäm 4 trillion dollardan geçýär.