Spotify tölegli abunaçylarynyň sanynyň 300 milliondan geçendigini habar berdi.
Kompaniýa bu barada 2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi boýunça maliýe hasabatynda yglan edip, başga hiç bir aýdym-saz striming hyzmatynyň ozal beýle derejä ýetmändigini belledi.
Platformanyň hasabatyna görä, tölegli ulanyjylaryň sany bir ýylda 9% artdy. Şu ýyl abunanyň bahasynyň galdyrylmagy ulanyjylaryň artmagyny haýallatmady.
Spotify-ň çärýeklik girdejisi rekord 4,8 milliard ýewro ýetdi.
Esasy görkezijileriň ösmegini kompaniýa täze funksiýalaryň çalt ornaşdyrylmagy bilen baglanyşdyrýar. Olaryň arasynda ulanyjynyň ýazmaça ýüz tutmasy boýunça şahsy pleýlistleri döretmek mümkinçiligi hem bar. Kompaniýanyň pikirine görä, bu platforma bolan gyzyklanmany artdyran sebäpleriň biri boldy.