Aýdymçy Selena Gomes bilen ejesi Mendi Tifi psihiki saglyk meseleleri bilen meşgullanýan Wondermind kompaniýasynyň maliýe we tehniki ýagdaýy barada maýadarlara ýalňyş maglumat bermekde aýyplanýar. Degişli şikaýat Delawer ştatynyň Federal kazyýetine berildi diýip, Page Six habar berýär.
Şikaýatçylar hökmünde Wondermind SRS 44 LLC we Bespoke Wondermind LLC kompaniýalary çykyş etdi. Olar 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda girdejili platformanyň ýola goýulmagyna tama edip, Wondermind startapyna 1,2 million dollar maýa goýandyklaryny nygtaýar. Şikaýatçylaryň aýtmagyna görä, olara taslamany işe girizmek üçin kompaniýanyň «zerur infrastrukturasynyň, ýolbaşçylarynyň we serişdeleriniň bardygy», netijede onuň psihiki saglyk we abadançylyk ugrunda «şeýle görnüşli ýeke-täk platforma» öwrüljekdigi aýdylypdy.
Şikaýat arzasyna görä, Gomes marketing ugrunyň ýolbaşçysy hökmünde Wondermind platformasyny işjeň ilerletmek boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmedi. Hyzmatdaşlyk taslamalary amala aşyrylmady, Wondermind goşundysy işe girizilmedi, kompaniýanyň meseleleri, şol sanda maliýe kynçylyklary bolsa üç ýylyň dowamynda maýadarlardan gizlin ýagdaýda saklanyldy.
Şikaýatçylar Wondermind startapynyň hakyky ýagdaýy barada diňe 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda «The Cut» neşirinde çykan makaladan soň bilendiklerini aýdýar. Şol makalada Mendi Tifiniň gadagan edilen serişdelere garaşlylygy baradaky meseleleriň hem kompaniýany dolandyrmaga päsgel berendigi öňe sürlüpdi.

Wondermind — Selena Gomesiň ruhy saglyga bagyşlanan taslamasy bolup, ony ejesi, prodýuser Mendi Tifi we jorasy, «The Newsette» taslamasyny esaslandyryjy Daniella Pirson bilen bilelikde ýola goýdy. Bularyň her biriniň ruhy saglyk bilen bagly meselede şahsy tejribesi bar. Selena eýýäm birnäçe ýyl bäri depressiýa we was-waslyk bilen göreşýändigini aç-açan aýdyp gelýär, Daniella Pirson 21 ýaşyndan bäri OKP (obsessiw-kompulsiw bozulma) diagnozy bilen ýaşaýar, Mendi Tifide bolsa üns ýetmezçiligi we giperaktiwlik sindromy ýüze çykaryldy.
Taslama ýokary hilli kontenti hödürlemek we aragatnaşyk üçin platformany ýola goýmak bilen, adamlara olaryň ýeke däldigini, şeýle-de esaslandyryjylaryň öz mysalynda psihiki bozulmalar bilenem üstünlikli karýerany gurup, taslamalary döredip bolýandygyny görkezmek maksady bilen döredildi.
2024-nji ýylyň sentýabrynda Bloomberg Gomesiň baýlygyny 1,3 milliard dollar diýip bahalandyrdy, ýöne 2025-nji ýylda Forbes ony 700 million dollar diýip çaklady. Onuň baýlygynyň esasy bölegi «Rare Beauty» kosmetika brendi bilen baglanyşykly.