Türkmenistanyň wekiliýeti wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» atçylyk-sport toplumyna baryp gördi. Bu ýerde 4-6-njy sentýabr aralygynda atly sport boýunça dünýä çempionaty we ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi geçiriler diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Bu Türkmenistanyň daşynda guralýan şeýle giň gerimli ilkinji bäsleşik bolar. Ony «Türkmen atlary» döwlet birleşigi we Ýewropanyň ahalteke atlary assosiasiýasy geçirýär.

Saparyň dowamynda türkmen wekilleri toplumyň ýolbaşçylary we atçylyk sporty boýunça hünärmenler bilen görüşdiler. Taraplar çempionaty geçirmek, gatnaşyjylary we myhmanlary ýerleşdirmek, şeýle hem sport, medeni we sergi maksatnamalaryny taýýarlamak bilen bagly guramaçylyk, tehniki we beýleki meseleleri maslahatlaşdy.
Wekiliýet sport meýdançalaryny, türgenleşik zolaklaryny, türgenler we tomaşaçylar üçin niýetlenen binalary gözden geçirdi, şeýle hem konkur ugry boýunça bu ýerde tälim alýan türkmen hünärmenleriniň taýýarlygy bilen tanyşdy.


Mundan başga-da, çempionat wagtynda türkmen önümleriniň we atly sport, atçylyk, esbaplar hem-de ugurdaş tehnologiýalar ulgamynda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň ekspozisiýalarynyň sergisini gurnamak üçin niýetlenen meýdançalar gözden geçirildi.
Saparyň netijeleri boýunça taraplar bu çempionatyň ahalteke atlaryny ýaýratmak we atly sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm halkara meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.